Kompýuter sowatlylygy kurslary
Kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin dürli kurslar.
Microsoft Office

Microsoft Office boýunça okuwlar Office programmalarynyň esasy toplumy bilen işleşmegi öwretmäge gönükdirilendir: Word, Excel we PowerPoint. Diňleýjiler tekst resminamalaryny döretmek we formatlamak, tablisa we formulalar bilen işleşmek, prezentasiýa taýýarlamagy öwrenýärler. Programmalar başlangyç derejesindäkiler üçin hem, iş ýa-da okuwdaky başarnyklaryny ýokarlandyrmak isleýänler üçin hem amatlydyr.

Photoshop/ Illustrator

Adobe Photoshop we Illustrator boýunça okuwlar grafiki dizaýn we suratlar bilen işlemek başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Okuwçylara suratlary redaktirlemek, grafiki elementleri döretmek, tekst we wizual effektler goşmak, şeýle hem logotipler, illustrasiýalar we plakatlar bilen işlemek öwredilýär. Bu kurs grafiki dizaýn ugrundaky başlangyçlar we öz başarnyklaryny kämilleşdirmek isleýänler üçin amatlydyr.

AutoCAD

AutoCAD boýunça okuwlar çyzgylar we 2D-3D modelirleme bilen işleşmek üçin zerur başarnyklary öwretmäge niýetlenendir. Diňleýjiler gurluşyk, inženerçilik we dizaýn ugurlarynda ulanylýan taslamalary döretmegi, redaktirlemegi we ölçemegi öwrenerler. Kurs AutoCAD programmasynda başlangyç we orta derejede işlemek isleýänler üçin amatlydyr.

3Ds Max

3ds Max boýunça okuwlar 3D modelirleme, animasiýa we wizual effektler bilen işleşmegi öwretmäge gönükdirilendir. Diňleýjiler realistiki modeller döretmek, sahnalary bezemek, teksturalar we ýagtylyk effektleri goşmak, şeýle hem animasiýa bilen işleşmek başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Bu kurs arhitektura, dizayn we animasiýa ugry bilen gyzyklanýanlar üçin amatlydyr.

Programirlemek 1

Python programmirleme boýunça okuwlar programirlemäniň esaslaryny öwretmäge niýetlenendir. Diňleýjiler Python diliniň synteksyny, maglumat strukturalarynyň (sanawlar, sözlükler), modul we funksiyalar bilen işleşmegi öwrenýärler. Şeýle-de, programmalary düzmek, maglumatlary analiz etmek we awtomatlaşdyrmak boýunça başlangyç başarnyklary kämilleşdirýärler. Bu kurs programmirlemek boýunça ilkinji ädimleri ätjekler we IT ugry bilen gyzyklanýanlar üçin amatlydyr.

Programirlemek 2

Bu kursda bolsa diňleýjiler programmirlemek dilini has hem çuňňur öwrenýärler. Kursyň ahyrynda özbaşdak programmalary düzmek ukybyna eýe bolýarlar we bilimlerini kämmileşdirýärler.